Mazmuna geçiň

Dash

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Dash (mundan ozal Darkcoin we XCoin ady bilen belli bolan) – deslapky kody açyk bolan kriptowalýutadyr. Dash kriptowalýutanyň merkezleşdirilen dolandyryşy bolmaýar. Onuň emissiýasy maýningiň dowamynda bolup geçýär. Maýnerler tarapyndan alnan hakyň 90% maýnerleriň we masternod operatorlarynyň arasynda paýlanýar. Galan 10% tassyklanan taslamalary maliýeleşdirmek üçin iberilýär.[1]

Dash ilki başda 2014-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda XCoin (XCO) hökmünde döredildi. Işledilen gününden iki günüň dowamynda takmynan 1,9 million teňňe alyndy. 2014-nji ýylyň 28-nji fewralynda onuň ady Darkcoin diýip üýtgedildi.

2015-nji ýylyň 25-nji martynda Darkcoin ady Dash ady hökmünde hödürlendi.[2] Onuň döredijisi Dash Ewan Daffild.

Dash bilen Bitkoin arasyndaky tapawut bu - Dash kriptowalýutasynda InstantSend hyzmatynyň hasabyna geçirimler örän çalt bolup geçýändigi bolup durýar. Mundan başga-da Private Send girizilen funksiýalar esasynda ulanyjynyň käbir geçirimleriniň ýokary gizlinlik bilen ulanmagydyr.[3]

Der Spiegel maglumatlaryna laýyklykda, Dash kriptowalýutasynyň 2021-nji ýylyň mart aýyndaky ýagdaýynda Wenesuelada iň tanymal kriptowalýuta boldy.[4][5]

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. "Building Blockchain Projects". books.google.com. Archived from the original on 2021-05-15. Retrieved 2021-12-21. 
  2. "Darkcoin Is Now Dash". dashpay.io. Archived from the original on 2015-09-25. Retrieved 2021-12-21. 
  3. "Best Trading Dash Guide". comparebrokers.co. Archived from the original on 2021-12-21. Retrieved 2021-12-21. 
  4. "Nichts zu essen, aber kostenlos Benzin". spiegel.de. Archived from the original on 2020-07-29. Retrieved 2021-12-21. 
  5. "Top 100 Crypto Coins by Market Capitalization". coinmarketcap.com. Archived from the original on 2021-12-20. Retrieved 2021-12-21.